Syýa kartrijlerini we beýleki sarp ediş materiallaryny çalşyrmak
Tor hyzmaty we programma üpjünçiligi maglumaty
Resminamalary we suratlary skanlamak üçin programma (Epson Scan 2)
Dolandyryş panelinden skanlama amallaryny düzmek üçin programma (Epson Event Manager)
Faks amallaryny düzmek we fakslary ibermek üçin programma (FAX Utility)
Kompýuterden çalt we hezil çap etmek üçin programma (Epson Photo+)
Akylly enjamda printeri ýeňil işletmek üçin programma (Epson Smart Panel)
Programma üpjünçiligini we proşiwkany täzelemek üçin programma (Epson Software Updater)
Çap edilen material boýunça problemalar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Awto-berijiden nusgalanan tekst ýa-da surat gysylýar ýa-da süýnýär
Jogap Berilmeli Jaňlar üçin bellenen jyrlama sany dolanda, printer fakslary almaga awtomatik geçýär.
Jogap Berilmeli Jaňlar sanyny mümkin boldugyça az edip bellemegi maslahat berýäris.
Daşarky telefon enjamy bar bolan printer şu aşakdaky ýaly işleýär.
Eger telefon enjamy awto-jogapçy bolsa we ol Jogap Berilmeli Jaňlar bilen bellenen jyrlama sanynyň çäginde jogap berende:
- Eger jyrlama faks üçin bolsa: Printer fakslary almaga awtomatik geçýär.
- Eger jyrlama sesli jaň üçin bolsa: Awto-jogapçy sesli jaňlary alyp we sesli habarlary ýazga geçirip bilýär.
Trubkany Jogap Berilmeli Jaňlar üçin bellenen jyrlama sanynyň çäginde alanyňyzda:
- Eger jyrlama faks üçin bolsa: Faksy El bilen sazlamasyndaky bilen birmeňzeş ädimler arkaly alyp bilersiňiz.
- Eger jyrlama sesli jaň üçin bolsa: Telefona adaty bolşy ýaly jogap berip bilersiňiz.
Printer fakslary almaga awtomatik geçende:
- Eger jyrlama faks üçin bolsa: Printer fakslary alyp başlaýar.
- Eger jyrlama sesli jaň üçin bolsa: Telefona jogap berip bilmeýärsiňiz. Ol kişiden size yzyna jaň etmegini soraň.
Printeriň Jogap Berilmeli Jaňlar sazlamalaryny awto-jogapçynyň jyrlama sanyndan has köp sana belläň. Ýogsam, awto-jogapçy sesli habarlary ýazga geçirer ýaly sesli jaňlary alyp bilmez. Awto-jogapçyny sazlamak baradaky jikme-jiklik üçin, awto-jogapçynyň ýany bilen berilýän gollanma serediň.