/ Printere tehniki hyzmat / Çap ediş golowkasyny barlamak we arassalamak / Çap ediş golowkasyny barlamak we arassalamak — Dolandyryş paneli

Çap ediş golowkasyny barlamak we arassalamak — Dolandyryş paneli

  1. Printere A4 ölçegli adaty kagyz goýuň.

  2. Öý ekranda Hyzmat ediş saýlaň.

    Zat saýlamak üçin, düwmelerini ulanyp, OK düwmesini basyň.

  3. Nasadkany barlaň saýlaň.

  4. Lüle-barlag şablonyny çap etmek üçin, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.

  5. Çap edilen şablony gözden geçiriň.

    • Eger aşakdaky "OK" şablonynda bolşy ýaly, üzülen çyzyklar ýa-da çykmadyk ýerler ýok bolsa, onda lüleler dykylan däldir. Lüle-barlag funksiýasyny ýapmak üçin, Ýok saýlaň. Başga ädim gerek däl.
    • Eger "NG" şablonyndaky ýaly üzülen çyzyklar ýa-da çykmadyk ýerler bar bolsa, onda çap ediş golowkasynyň lüleleriniň dykylan bolmagy mümkin. Indiki ädime geçiň.
  6. Hawa saýlap, çap ediş golowkasyny arassalamak üçin, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.

  7. Arassalap bolanyňyzdan soň, lüle-barlag şablonyny täzeden çap ediň. Ähli çyzyklar doly çap edilýänçä, arassalamagy we şablony çap etmegi gaýtalaň.