Almak Sazlamalary menýusy

Printeriň dolandyryş panelinde aşakdaky menýuny tapyp bilersiňiz:

Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Almak Sazlamalary

Zat

Suratlandyrma

Kompýutere ýazdyr

Alnan fakslary printere birigen kompýuterde PDF faýl edip ýazdyrýar. Muny Hawa edip belläp bilersiňiz (diňe FAX Utility arkaly). Öňünden kompýutere FAX Utility gurnaň. Muny Hawa edip belläniňizden soň, Hawa we Çap Etmek edip üýtgedip bilersiňiz.

Awtomatik Kiçeltme

Uly ölçegli resminama görnüşinde alnan fakslary kagyz çeşmesindäki kagyza sygdyryp çap edýär. Alnan maglumata baglylykda, hemişe kiçeldip bolman hem biler. Ol ýapylsa, uly resminamalar öz original ölçeginde birnäçe liste çap edilýär ýa-da boş ikinji kagyzyň çykmagy hem mümkin.

Sahypa bölm sazlama

Alnan resminamalaryň ölçegi printere goýlan kagyzyň ölçeginden uly bolsa, alnan fakslary bölünen sahypa görnüşinde çap edýär.

Awtomatik Aýlama

Keseligine alnan A5 ölçegli resminamalary A5 kagyza çap etmek üçin, fakslary aýlaýar. Sazlamalar > Printeri gurnamak > Giriş Kagyz Sazlamalary > Kagyz Sazlamasy > Kagyz Ölçegi sazlamasynda A5 ölçegi bellenilende, şu sazlama ulanylýar.

Öçürilen saýlasaňyz, (dik A4 resminamalar bilen şol bir giňlikde) keseligine alnan A5 ölçegli fakslar A4 fakslar hökmünde kabul edilýär we şonuň ýaly çap edilýär.

Kabul ediş maglumat goşmak

Iberiji at maglumatyny bellemedik bolsa-da, alnan faksdaky alyş maglumatyny çap edýär. Alyş maglumaty şulardan ybaratdyr: alyş senesi we wagty, iberijiniň ID-si we sahypa belgisi (mes. "P1"). Sahypa bölm sazlama işledilse, bölünen sahypa belgisi hem goşulýar.

2-Taraplaýyn

Köp sahypalyk alnan fakslary kagyzyň iki ýüzüne-de çap edýär.

Başlam wagt çap et

Alynmaly fakslary çap edip başlamak üçin, opsiýalary saýlaň.

  • Ähli sahypalar alyndy: Sahypalaryň ählisi alnansoň, çap ediş başlaýar. Birinji ýa-da soňky sahypadan çap edip başlamak Tekjede Üýşürme funksiýasynyň sazlamasyna baglydyr. Tekjede Üýşürme üçin düşündirişe serediň.

  • Birinji sahypa alyndy: Birinji sahypa alnanda çap ediş başlanýar we sahypalaryň geliş yzygiderligine görä çap edilýär. Meselem, başga işleri çap edýärkä, printer çap edişe başlap bilmese, printer elýeterli bolanda alnan sahypalary tapgyr edip çap etmäge başlaýar.

Tekjede Üýşürme

Birinji sahypa iň soňunda çap edilýändigi sebäpli (iň ýokarda çykýar), çap edilýän resminamalar dogry sahypa yzygiderliginde desselenýär. Printeriň ýady gutaryp barýarka, bu funksiýa elýeterli bolman biler.

Togta wagt çap et

Saklm Wagt bilen Täzeden işlet aralygynda görkezen wagtyňyzyň dowamynda, printer alnan resminamalary çap etmän öz ýadyna ýazdyrýar. Bu funksiýany gije gaty ses çykmazlygy ýa-da gizlin resminamalaryň siz ýok wagtyňyz paş edilmezligi üçin ulanyp bolýar. Bu funksiýany ulanmazdan öň, ýeterlik boş ýat bardygyny anyklaň. Şuny Öçürilen edip belleseňiz, alnan resminamalary açyp ýapyş wagtyndan öň hem çap edip bilersiňiz.

Sessiz Reje

Printeriň faks çap edilýärkä çykarýan sesini peseldýär, ýöne çap ediş tizligi haýallap biler.