Printeriň dolandyryş panelinde aşakdaky menýuny tapyp bilersiňiz:
Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Esasy Sazlamalar
|
Zat |
Suratlandyrma |
|---|---|
|
Faks Tizligi |
Faks geçiriş tizligini saýlaň. Daşary ýurda/ýurtdan faks iberilende/alnanda ýa-da IP (VoIP) telefon hyzmaty ulanylanda, ýygy-ýygydan aragatnaşyk näsazlygy ýüze çykýan bolsa, Haýal(9,600bps) saýlamagyňyzy maslahat berýäris. |
|
ECM |
Köpüsi telefon liniýasyndaky päsgelçilik sebäpli ýüze çykýan faks geçiriş näsazlyklaryny awtomatik düzedýär (Näsazlyk düzediş tertibi). Eger ol ýapylsa, reňkli resminama iberip ýa-da alyp bilmersiňiz. |
|
Gudok tapyş |
Aýlamak başlamanka, gudogy tapýar. Eger printer PBX (ofis ATS) ulgamyna ýa-da sanly telefon liniýasyna birikdirilen bolsa, printeriň belgini aýlamaga başlap bilmezligi mümkin. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, Liniýa Görnüşi sazlamasyny PBX edip üýtgediň. Onuň peýdasy degmese, ol funksiýany ýapyň. Ýöne, ol funksiýany ýapsaňyz, faks belgisiniň birinji sifriniň galdyrylyp, faksyň ýalňyş belgä gitmegi mümkin. |
|
Ýygym Tertibi |
Printeri birikdiren telefon ulgamy görnüşiňizi saýlaň. Puls diýlip bellenilende, faksyň ýokarky ekranynda belgileri girizýärkäňiz, |
|
Liniýa Görnüşi |
Printeri birikdiren liniýa görnüşiňizi saýlaň. Printer uzaltmalar ulanýan we daşarky liniýa almak üçin 0 we 9 ýaly daşarky giriş koduny talap edýän gurşawda ulanylanda, PBX saýlap, giriş koduny bellige alyň. Giriş koduny bellige alanyňyzdan soň, daşarky faks belgisine faks ibereniňizde, giriş koduna derek # (gözenek) giriziň. DSL modem ýa-da terminal adapter ulanýan gurşaw üçin, PBX bellemek hem maslahat berilýär. 0 we 9 ýaly daşarky giriş kody bellenen Kontaktlardaky alyjylara faks iberip bilmersiňiz. Eger Kontaktlarda 0 ýa-da 9 ýaly daşarky giriş kodlary bilen alyjylary goşan bolsaňyz, giriş koduny Ulanma edip belläň. Ýogsam, siz kody Kontaktlar # edip üýtgetmeli. |
|
Sözbaşy |
Iberiji adyňyzy we faks belgiňizi giriziň. Olar gidýän fakslarda at hökmünde görkezilýär.
|
|
Kabul Ediş Tertibi |
Alyş tertibini saýlaň. Jikme-jiklik üçin, aşakdaky dahylly maglumaty görüň. |
|
DRD |
Eger telefon kompaniýaňyzda aýratyn jaň serwisiniň abonenti bolsaňyz, gelýän fakslar üçin ulanylmaly jaň şablonyny saýlaň. Köp telefon kompaniýasynyň teklip edýän aýratyn jaň serwisi (serwisiň ady kompaniýa görä üýtgeýär) size bir telefon liniýasynda birnäçe telefon belgisini saklamaga mümkinçilik berýär. Her belgä aýratyn bir jyrlama şablony bellenilýär. Bir belgini sesli jaňlar üçin, beýleki belgini bolsa faks jaňlary üçin ulanyp bilersiňiz. Sebite baglylykda, bu opsiýa Işleýär ýa-da Öçürilen bolup biler. |
|
Jogp ber jyňňyrd |
Printer faksy awtomatik almazdan öň, näçe jyrlama boljagyny saýlaň. |
|
Uzakdan Almak |
Printere birikdirilen telefonda gelýän faks jaňyna jogap bereniňizde, telefon arkaly kody girizip, faksy almaga başlap bilersiňiz. Başlangyç koduny bellemek ýa-da üýtgetmek üçin, Uzakdan Almak sazlamasyny Işleýär edip belläň we 0 – 9, *, # arkaly iki nyşan giriziň. |
|
Ret ediş Faks |
|