Syýa kartrijlerini we beýleki sarp ediş materiallaryny çalşyrmak
Kagyzy dogry ugurda ýerleşdiriň, gyra gönükdirijilerini kagyzyň gyrasyna süýşüriň.
Originallary skanner aýnasynda goýanyňyzda, originalyň burçy bilen skanner aýnasynyň çarçuwasynda bellijek bilen görkezilýän burçy deňläň. Nusganyň gyralary üzük-ýoluk bolsa, originaly burçdan biraz uzaga süýşüriň.
Originallar skanner aýnasynda goýlanda, skanner aýnasy-ny we skaner gapagyny arassalaň. Aýnada tozan ýa-da tegmil bar bolsa, nusgalanýan ýer olary hem öz içine alyp, giňelip bilýär, ol bolsa, öz gezeginde nusgalama ornunyň ýalňyş ýa-da suratlaryň kiçi bolmagyna eltip bilýär.
Nusgalama sazlamalarynda degişli Original ölçegi saýlaň.
Degişli kagyz ölçegi sazlamasyny saýlaň.
Çap edilýän ýere düşer ýaly edip, goýmada gyraky ýeri sazlaň.