|
Çap Ediş Öňki Sazlamalary |
Öňünden Sazlamalary Goş/Aýyr |
Ýygy ulanylýan çap ediş sazlamalaryna öz standart sazlamalaryňyzy goşup ýa-da aýryp bilersiňiz. Sanawdan ulanmak isleýän standart sazlamaňyzy saýlaň. |
|
Sazlamalary Görkez |
Şu wagt Baş Sahypa we Goşmaça Opsiýalar tablarynda bellenilgi zatlaryň sanawyny görkezýär. |
|
|
Başky Ýagdaýyna Sazla |
Ähli sazlamalary öz aslyna dolaň. Goşmaça Opsiýalar tabyndaky sazlamalar hem öz aslyna nol edilýär. |
|
|
Syýanyň Derejeleri |
Takmynan syýa derejelerini görkezýär. |
|
|
Kagyz Çeşmesi |
Kagyzyň berilýän kagyz çeşmesini saýlaň. Printeriň dolandyryş panelinde çap ediş sazlamalarynda saýlanan kagyz çeşmesini awtomatik saýlamak üçin, Awtomatik Usulda Saýla saýlaň. Printeriň ýeke kagyz çeşmesi bar bolsa, bu element görkezilmeýär. |
|
|
Dokument Ölçegi |
Çap etmek isleýän kagyz ölçegiňizi saýlaň. Ulanyjynyň Kesgitläni saýlasaňyz, kagyz inini we boýuny giriziň. |
|
|
Çäksiz |
Kagyzyň gyralarynda hiç hili çet çap edilmez ýaly, çap edilýän maglumaty kagyz ölçeginden biraz ulaldýar. Ulaltmagyň möçberini saýlamak üçin, Sazlamalar basyň. |
|
|
Ýönlendirme |
Çap etmek üçin ulanmak isleýän duruş ugruňyzy saýlaň. |
|
|
Kagyz Görnüşi |
Çap edýän kagyz görnüşiňizi saýlaň. |
|
|
Hil |
Çap ediş üçin ulanmak isleýän çap ediş hiliňizi saýlaň. Elýeterli sazlamalar saýlaýan kagyz görnüşiňize bagly bolýar. Goşmaça sazlamalar bellemek üçin, Has Köp Sazlama basyň. |
|
|
Reňkli |
Çap işiňiziň reňkini saýlaň. |
|
|
2-taraplaýyn Çap Ediş |
2-ýüzli çap ediş ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. |
|
|
Settings |
Çatyş gyrasyny we çatyş çetlerini görkezip bilersiňiz. Köp-sahypaly resminamalar çap edilende, sahypanyň öň ýa-da arka ýüzünden başlap çap etmegi saýlap bilersiňiz. |
|
|
Çapyň Dykyzlygy |
Çap ediş dykyzlygyny sazlamak üçin, resminama görnüşini saýlaň. Eger degişli çap ediş dykyzlygy saýlansa, suratlaryň ters ýüzde görünmeginiň öňüni alyp bilersiňiz. Çap ediş dykyzlygyny elde sazlamak üçin, User Defined saýlaň. |
|
|
Köp Sahypaly |
Ol bir liste birnäçe sahypa çap etmäge ýa-da plakat çap etmäge mümkinçilik berýär. Sahypalaryň çap edilýän yzygiderligini görkezmek üçin, Sahypanyň Tertibi basyň. |
|
|
Copies |
Çap etmek isleýän nusga sanyňyzy belläň. |
|
|
Deňeşdir |
Köp-sahypaly resminamalary komplektläp we toplumlara sortlap çap edýär. |
|
|
Ters Tertipde |
Sahypalar çap edilensoň dogry tertipde desselener ýaly, soňky sahypadan başlap çap etmäge mümkinçilik berýär. |
|
|
Sessiz Reje |
Printer çykarýan sesini azaldýar. Ýöne, ony işletmek çap ediş tizligini peseldip biler. |
|
|
Çapy Deslapdan Synlama |
Çap etmänkä, resminamanyň synlawyny görkezýär. |
|
|
Job Arranger Lite |
Job Arranger Lite funksiýasy arkaly çap etmek üçin saýlaň. |
|