/ Problemalary çözmek / Skanlamagy başladyp bolmaýar

Skanlamagy başladyp bolmaýar

  • ADF bilen skanlaýan bolsaňyz, skaneriň gapagynyň we ADF gapagynyň ýapykdygyny barlaň.

  • ADF-de Fotosurat Tertibinden skanlanýan wagty, Epson Scan 2 ulanyp bolmaýar.

  • USB kabeli printere we kompýutere jebis birikdiriň.USB hab ulanýan bolsaňyz, printeri göni kompýutere birikdirip görüň.

  • Tor arkaly ýokary çözgütde skanlasaňyz, aragatnaşyk näsazlygy ýüze çykyp biler.Çözgüdi peseldiň.

  • Epson Scan 2-de dogry printer (skaner) saýlanandygyny anyklaň.

Windows ulanylanda printeriň tanalyp-tanalmaýanlygyny barlaň

Windows ulgamynda, printeriň (skaneriň) Skaner we kamera-da görkezilýändigini barlaň.Printer (skaner) "EPSON XXXXX (printeriň ady)" görnüşinde görkezilmelidir.Eger printer (skaner) görkezilmeýän bolsa, Epson Scan 2-y gurnawdan aýryp, täzeden gurnaň.Skaner we kamera girmek üçin, şu aşakdakylara serediň.

  • Windows 10

    Başlat düwmesini sag basyp ýa-da basyp saklap, Dolandyryş paneli saýlap, gözleg gutusyna "Skaner we kamera" ýazyp, Skaner we kamera gör-e basyň we printeriň görkezilýändigini barlaň.

  • Windows 8.1/Windows 8/Windows Server 2012 R2/Windows Server 2012

    Iş stoly > Sazlamalar > Dolandyryş paneli saýlap, gözleg gutusyna "Skaner we kamera" ýazyp, Skaner we kamera görkez-e basyň we printeriň görkezilýändigini barlaň.

  • Windows 7/Windows Server 2008 R2

    Başlat düwmesine basyp, Dolandyryş paneli saýlap, gözleg gutusyna "Skaner we kamera" ýazyp, Skaner we kamera gör-e basyň we printeriň görkezilýändigini barlaň.

  • Windows Vista/Windows Server 2008

    Başlat düwmesine basyp, Dolandyryş paneli > Apparatura we ses > Skanerler we kameralar saýlaň we printeriň görkezilýändigini barlaň.

  • Windows XP/Windows Server 2003 R2/Windows Server 2003

    Başlat düwmesine basyp, Dolandyryş paneli > Printerler we beýleki apparaturalar > Skaner we kameralar saýlaň we printeriň görkezilýändigini barlaň.