Çap ediş sazlamalary

Printer draýweriniň Baş Sahypa tabynda, Job Arranger Lite saýlaň. Çäp etmäge başlanyňyzda, Job Arranger Lite penjiresi görkezilýär. Job Arranger Lite penjiresi açyk durka, häzirki faýl bilen birleşdirmek isleýän faýlyňyzy açyň we ýokarky ädimleri gaýtalaň.

Taslamany Çap Et-e (Job Arranger Lite penjiresinde) goşulan çap ediş işini saýlanyňyzda, sahypa ýerleşişini redaktirläp bilýärsiňiz.

Çap etmäge başlamak üçin, Çap et basyň (Faýl menýusynda).

Bellik:

Job Arranger Lite penjiresini ähli çap ediş maglumatyny Taslamany Çap Et içine goşmazdan öň ýapsaňyz, häzirki işleýän çap ediş işiňiz ýatyrylýar. Häzirki işi ýazdyrmak üçin, Ýazdyr basyň(Faýl menýusy). Ýazdyrylan faýlyň giňeltmesi "ecl".

Taslamany Çap Et açmak üçin, Job Arranger Lite basyň (printer draýweriniň Abatlaýyş tabynda) we Job Arranger Lite penjiresini açyň. Soňra, faýly saýlamak üçin, menýusyndan Faýl saýlaň.