/ Möhüm görkezmeler / Printer barada maslahatlar we duýduryşlar / Printeri gurnamak/ulanmak barada maslahatlar we duýduryşlar

Printeri gurnamak/ulanmak barada maslahatlar we duýduryşlar

  • Printeriň korpusyndaky deşikleri beklemäň ýa-da ýapmaň.

  • Diňe printeriň etiketkasynda görkezilen energiýa çeşmesini ulanyň.

  • Printeri regulýar açylýan we ýapylýan fotonusga apparatlaryna ýa-da kondisionirleýiş ulgamyna tok üpjün edýän rozetkalara birikdirmäň.

  • Printeri diwara oturdylýan öçürgiçler ýa-da awtomatik taýmerler arkaly dolandyrylýan rozetkalara birikdirmäň.

  • Tutuş kompýuter ulgamyny gatygürleýji ýa-da simsiz telefonlaryň baza modullary ýaly potensial päsgelçilik çeşmelerinden daşda gurnaň.

  • Tok şnurlaryny olar sürtülmez, kesilmez, dargamaz, towlanmaz we bükülmez ýaly ýerlerden geçirmeli. Tok şnurunyň üstünde zat goýmaň we tok şnurunyň üstünden basylmagyna we geçilmegine ýol bermäň. Ylaýta-da, ähli tok şnurlarynyň uçlarynyň we öwürgiç (preobrazowatel) bilen birigýän ýerleriniň göni bolmagyna üns beriň.

  • Eger siz printere uzaldyjy arkaly birigýän bolsaňyz, şol uzaldyja birikdirilen ähli gurluşlaryň jemi ýüküniň maksimum rugsat berilýän ýükden köp bolmazlygyny üpjün ediň. Şeýle hem, elektrik rozetkasyna birikdirilen ähli gurluşlaryň jemi ýüküniň maksimum rugsat berilýän ýükden köp bolmazlygyny üpjün ediň.

  • Eger siz printeri Germaniýada ulanmakçy bolsaňyz, gysga utgaşmadan ýa-da artykmaç tokdan goramak üçin, ony 10-luk ýa-da 16-lyk awtomatik öçürgijiň üsti bilen birikdiriň.

  • Printeri kabel arkaly kompýutere ýa-da başga enjama birikdiren wagtyňyz, razýomlaryň ugrunyň dogrudygyna göz ýetiriň. Her razýomy diňe ýekeje usul bilen birikdirip bolýar. Eger razýomy ýalňyş daksaňyz, kabel arkaly birikdirilen iki enjama hem zeper ýetmegi mümkin.

  • Printeri ähli tarapy enjamyň binýadyndan has giň bolan tekiz, durnukly ýerde goýuň. Eger printer biraz gyşyk dursa-da dogry işlemez.

  • Printeri saklanyňyzda ýa-da daşanyňyzda, ony egmäň, dik goýmaň ýa-da başaşak öwürmäň; ýogsam, syýanyň syzmagy mümkin.

  • Printeriň ýokarsynda skaneriň gapagyny doly açar ýaly ýer goýuň.

  • Printeriň öňünde kagyzlaryň çykarylmagy üçin ýeterlik boş ýer goýuň.

  • Printeri temperaturanyň we çyglylygyň çalt üýtgeýän ýerlerine gurnamaň. Printeri gün şöhlesiniň göni düşmeginden, ýiti ýagtylykdan we ýylylyk çeşmelerinden uzakda saklaň.

  • Printerdäki slotlara zat dykmaň.

  • Çap edilýärkä, printeriň içine eliňizi salmaň.

  • Printeriň içindäki ak ýasy şleýfi ellemäň.

  • Ýanýan gazly aerozol önümlerini printeriň içinde ýa-da ýanynda ulanmaň. Ol ýangynyň döremegine eltip biler.

  • Çap ediş golowkasyny el bilen süýşürmäň; ýogsam, printere zeper ýetirmegiňiz mümkin.

  • Skaner bloguny ýapanyňyzda barmagyňyzy gapjadaýmaň.

  • Originallary goýanyňyzda, skanner aýnasyna gaty basmaň.

  • Printeri hemişe düwmesiniň kömegi bilen ýapyň. çyrasy ýanyp sönmegini goýýança, printeri tokdan sogurmaň ýa-da tok bloguny öçürmäň.

  • Printeri daşamazdan öň, çap ediş golowkasynyň adaty (iň sagdaky) orunda durandygyny we syýa kartrijleriniň ýerbe-ýerdigini anyklaň.

  • Eger printeri uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, onda tok şnuruny hökman elektrik rozetkasyndan aýryň.