/ Faks / Printeri ulanyp faks ibermek / Esasy faks iberiş amallary / Dolandyryş paneli arkaly faks ibermek

Dolandyryş paneli arkaly faks ibermek

Alyjylaryň faks belgilerini dolandyryş paneli arkaly girizmek bilen, fakslary iberip bilersiňiz. Printer alyjylary awtomatik aýlaýar we faksy iberýär.

  1. Originallary ýerleşdiriň.

    Bellik:

    Bir geçirişde 100 sahypa iberip bilersiňiz; ýöne, ýadyň boş duran bölegine baglylykda, 100 sahypadan az faksy hem iberip bilmezligiňiz mümkin.

  2. Öý ekranda Faks saýlaň.

  3. Alyjyny görkeziň.

    Şol bir monohrom faksy 100 alyja, şol sanda 99 topara (Kontaktlarda) çenli iberip bilersiňiz. Ýöne, reňkli faksy bir wagtyň özünde diňe bir alyja iberip bolýar.

    • Elde girizmek üçin: Klawiatura saýlap, ekranda görkezilýän faks belgisini giriziň we OK basyň.
      - Säginme (aýlanylanda üç sekuntlyk säginme) goşmak üçin, defis (-) giriziň.
      Liniýa Görnüşi-de daşarky giriş koduny belleseňiz, faks belgisiniň öňüne hakyky daşarky giriş koduna derek "#" (gözenek) giriziň.
    • Kontakt sanawyndan saýlamak üçin: Kontaktlar saýlap, kontakta bellik goşuň. Ibermek isleýän alyjylaryňyz heniz Kontaktlarda bellige alynmadyk bolsa, ilki bilen Girizmäni goşmak saýlap, alyjyny bellige alyp bilersiňiz.
    • Iberilen faks taryhyndan saýlamak üçin: Ýakyndaky saýlap, alyjy saýlaň.
    Bellik:
    • Göni Aýlamak Çäklendirmeler sazlamasy (Howpsuzlyknda) On edip bellenilse, faks alyjylary diňe kontaktlar sanawyndan ýa-da iberlen faks taryhyndan saýlap bilersiňiz. Faks belgisini elde girizmek bolmaýar.

    Girizen alyjylaryňyzy öçürmek üçin, LCD ekranda faks belgisini ýa-da alyjylaryň sanyny görkezýän zolagy basyp, alyjylaryň sanawyny görkezdirip, sanawdan alyjy saýlaň we soňra Aýyr saýlaň.

  4. Faks Sazlamalary tabyny saýlaň we gerek bolsa, çözgüt hem-de iberiş usuly ýaly sazlamalary belläň.

  5. Alyjy tabyny saýlap, faksy iberiň.

    • Skanlanan resminama suratyny barlaman ibermek üçin: basyň.
    • Skanlamak, skanlanan resminama suratyny barlamak we ibermek üçin (diňe monohromda faks iberlende): Ser sal-k saýlaň (Alyjy tabynda).
      Faksy bolşy ýaly ibermek üçin, Ibermäge başlamak saýlaň. Ýogsam, Ýatyr. saýlap synlawy ýatyryň we 3-nji ädime geçiň.

    - : Ekrany oklaryň ugruna süýşürýär.

    - : Kiçelýär ýa-da ulalýar.

    - : Öňki ýa-da indiki sahypa geçýär.

    Bellik:
    • Synlawdan soň, faksy reňkli iberip bilmersiňiz.

    • Göni Ugratmak işledilende, synlap bilmersiňiz.

    • Synlaw ekranyna 20 sekunt degilmese, faks awtomatik iberilýär.

    • Iberilen faksyň surat hili alyjynyň apparatynyň ukybyna baglylykda, siziň synlanyňyzdan üýtgeşik bolup biler.

  6. Iberiş dynanda, originallary aýryň.

Bellik:
  • Faks belgisi meşgul bolsa ýa-da problema ýüze çyksa, bir minut geçensoň, printer belgini iki gezek awtomatik aýlaýar.

  • Iberişi ýatyrmak üçin, basyň.

  • Reňkli faks ibermek köp wagt alýar, sebäbi printer skanlamak we ibermek işini birlikde ýerine ýetirýär. Printer reňkli faks iberýärkä, başga funksiýalary ulanyp bilmersiňiz.