Faks Sazlamalary

Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.

Faks > Faks Sazlamalary

Skan sazlamalary:
  • Original kagyz Ölçegi (aýna)

    skanner aýnasyna ýerleşdiren originalyň ölçegini we duruş ugruny saýlaň.

  • Reňk usuly

    Reňkli ýa-da monohrom skanlamalymy saýlaň.

  • Çözgüt

    Gidýän faksyň çözgüdini saýlaň.

  • Dykyzlyk

    Gidýän faksyň dykyzlygyny belleýär.

  • Fony aýyr

    Original resminamanyň kagyz reňkini (fon reňk) tapyp, reňki aýyrýar ýa-da ýagtyldýar. Reňkiň goýulygyna we janlylygyna baglylykda, ony aýryp ýa-da ýagtyldyp bolmazlygy mümkin

  • ADF dow. skanirleme

    Awto-berijiden faks iberlende, skanlama başlansoň, awto-berijä originallary goşup bilmersiňiz. Awto-berijä dürli ölçegli originallary ýerleşdirseňiz, olaryň ählisi iň uly originalyň ölçeginde iberilýär. Awto-berijide original skanlanyp bolansoň, printeriň başga sahypa skanlamak isleýäňizmi diýip soramagy üçin, şu opsiýany işlediň. Soňra originallary ölçeglerine görä sortlap, ýeke faks edip iberip bilersiňiz.

Faks Ugratma Sazlamalary:
  • Göni Ugratmak

    Skanlanan suraty ýada ýazdyrman, birikme gurlan badyna, ýeke alyja monohrom fakslary iberýär. Eger bu opsiýany işletmeseňiz, printer skanlanan suraty ýada ýazdyryp, geçirmäge başlaýar, ol bolsa köp sahypa iberilende "ýat doly" näsazlygyna eltip biler. Bu opsiýany ulanmak bilen, näsazlygyň öňüni alyp bilersiňiz, ýöne faksy ibermek uzaga çekýär. Köp alyja faks iberilýän wagty, bu opsiýany ulanyp bilmersiňiz.

  • Faksy Soňra Ugratmak

    Görkezen wagtyňyzda faks iberýär. Şu opsiýa ulanylanda, diňe monohrom faks elýeterli bolýar.

  • Ugradyjy barada maglum. goşmak

    • Ugradyjy barada maglum. goşmak:

      Gidýän faksda at maglumatyny (iberiji ady we faks belgisi) goşmak isleýän ýeriňizi ýa-da maglumaty goşmazlygy saýlaň.

      - Ýapyk: At maglumatsyz faks iberýär.

      - Suratyň Daşy: Faksyň ýokarky ak çetinde at maglumatly faks iberýär. Ol adyň skanlanan surat bilen üst-üste bolmagynyň öňüni alýar, ýöne originallaryň ölçegine baglylykda, alyjy tarapyndan alnan faksyň iki liste çap edilmegi mümkin.

      - Suratyň Içi: Skanlanan suratyň ýokarsyndan takmynan 7 mm aşagynda at maglumatly faks iberýär. At surat bilen üst-üste düşüp biler, ýöne alyjy tarapyndan alnan faks iki resminama bölünmän biler.

    • Faks Baş Ujy:

      Alyjy üçin at saýlaň. Bu funksiýany ulanmak üçin, siz öňünden birnäçe at bellige almaly.

    • Goşmaça Maglumatlar:

      Goşmak isleýän maglumatyňyzy saýlaň. Siziň Telefon Belgiňiz we Ýer Sanawy içinden maglumat goşup bilersiňiz.

  • Geçiriş Hasabaty

    Faks iberilensoň, geçiriş hasabatyny awtomatik çap edýär. Hasabatyň diňe näsazlyk ýüze çykanda çap edilmegi üçin, Çap Ediş Ýalňyşlygy saýlaň. Eger Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Sazlamalary habar ber > Hasabata faks suraty goşmak bellenilen bolsa, hasabatyň ýany bilen, resminamanyň suraty hem çap edilýär.

  • Ähli sazlamalary arassalaň

    Faks Sazlamalary-nda ähli sazlamalary standarda dikeldýär.