/ Printere tehniki hyzmat / Kagyzyň ýoluny arassalamak / Kagyz beriş problemalary üçin kagyz ýoluny arassalamak

Kagyz beriş problemalary üçin kagyz ýoluny arassalamak

kagyz kassetasy kagyzy dogry bermese, içerki roligi arassalaň.

  1. düwmesine basyp, printeri ýapyň.

  2. Tok şnuruny sogruň we birikmeden aýryň.

  3. kagyz kassetasy çekip çykaryň.

  4. Dolandyryş paneliniň düwmesi ýokarda bolar ýaly edip, printeri dikeldip goýuň.

    Üns beriň:

    Printeri ýanyn goýýan wagtyňyz eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

  5. Matany suw bilen ölläp, mazaly syrkyň we roligi mata bilen aýlap süpüriň.

  6. Printeri öňki durkuna getiriň we kagyz kassetasy dakyň.

    Möhüm:

    Printeri uzak wagtlap ýanyn goýmaň.

  7. Tok şnuruny birikdiriň.