/ Printeri taýýarlamak / Originallary ýerleşdirmek / Originallary Skanner aýnasyna ýerleşdirmek

Originallary Skanner aýnasyna ýerleşdirmek

Üns beriň:

Skaneriň gapagyny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň.Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

Möhüm:

Köp sanly original (mes. kitap) goýanyňyzda, skanner aýnasyna daşarky ýagtylygyň göni düşmegine ýol bermäň.

  1. Skaneriň gapagyny açyň.

  2. skanner aýnasyndaky tozany, tegmilleri aýryň.

  3. Originalyň ýüzüni aşak edip goýuň we ony burç belligine süýşürip eltiň.

    Bellik:
    • skanner aýnasynyň aşaky we sag gyrasyndan 1,5 mm aralyk skanlanmaýar.

    • Originallar awto-äberijide we skanner aýnasynda goýlanda, awto-äberijidäki originallar öňürti skanlanýar.

  4. Gapagy emaý bilen ýapyň.

    Möhüm:

    skanner aýnasyna ýa-da skaner gapagyna gaty zor salmaň.Ýogsam, olara şikes ýetmegi mümkin.

  5. Skanlap bolanyňyzdan soňra, originallary aýryň.

    Bellik:

    Originallary skanner aýnasynda uzak wagtlap galdyrsaňyz, olaryň aýnanyň ýüzüne ýelmeşmegi mümkin.