Syýa kartrijlerini we beýleki sarp ediş materiallaryny çalşyrmak
Tor hyzmaty we programma üpjünçiligi maglumaty
Resminamalary we suratlary skanlamak üçin programma (Epson Scan 2)
Dolandyryş panelinden skanlama amallaryny düzmek üçin programma (Epson Event Manager)
Faks amallaryny düzmek we fakslary ibermek üçin programma (FAX Utility)
Kompýuterden çalt we hezil çap etmek üçin programma (Epson Photo+)
Akylly enjamda printeri ýeňil işletmek üçin programma (Epson Smart Panel)
Suratlary skanlamak we geçirmek üçin programma (Easy Photo Scan)
Programma üpjünçiligini we proşiwkany täzelemek üçin programma (Epson Software Updater)
Çap edilen kagyzlardaky bulanyklyk, zolaklar, çykmadyk reňkler, solgun reňkler, süýşmeler sebäpli, çap ediş hili ýaramaz bolsa, onda şu aşakdakylary barlaň.
Lüle barlagyny ýerine ýetiriň we golowkanyň haýsydyr bir lülesi dykylan bolsa arassalaň.
Çap ediş golowkasyny deňläň.
Şu printeriň goldaýan kagyzyny ulanyň.
Öl, zeperli ýa-da gaty köne kagyza çap etmäň.
Kagyz togalanan ýa-da konwert güberilen bolsa tekizläň.
Kagyzlary çap edilen badyna üst-üste goýmaň.
Çap edilen kagyzlary ilki bilen gowy guradyp, soň görkeziň ýa-da faýllaň. Olary guradýan wagtyňyz, günüň şöhlesini göni düşürmäň, guradyjy ulanmaň we kagyzyň çap edilen ýüzüni ellemäň.
Surat ýa-da fotosurat çap edilende, Epson adaty kagyza derek hakyky Epson kagyzyny ulanmagyňyzy maslahat berýär. Hakyky Epson kagyzynyň çap edilýän ýüzüne çap ediň.
Printerde goýlan kagyzyň görnüşi üçin, degişli kagyz görnüşiniň sazlamasyny saýlaň.
Has ýokary hil sazlamasyny ulanyp çap ediň.
Epson syýa kartrijini gabynda görkezilen sene geçmänkä ulanmaklygy maslahat berýär.
Iň gowy netijeleri almak üçin, syýa kartrijini gaby açylansoň alty aýyň dowamynda ulanyp gutaryň.
Hakyky Epson syýa kartrijlerini ulanyp görüň. Bu önüm hakyky Epson syýa kartrijleriniň ulanylmagy esasynda reňkleri sazlamak üçin taýýarlanylan. Hakyky däl syýa kartrijleriniň ulanylmagy çap etmegiň hilini peseldip biler.