/ Printere tehniki hyzmat / Awto-berijini arassalamak

Awto-berijini arassalamak

Awto-berijiden nusgalanan ýa-da skanlanan suratlar çyrşak bolsa, ýa-da originallar awto-berijiden dogry berilmeýän bolsa, awto-berijini arassalaň.

Möhüm:

Printeri arassalamak üçin hiç wagt alkogol (spirt) ýa-da suwaldyjy ulanmaň. Ol himiki serişdeler printere zeper ýetirip biler.

  1. Awto-berijiniň gapagyny açyň.

  2. Roligi we awto-berijiniň içini arassalamak üçin, ýumşak, çygly mata ulanyň.

    Möhüm:

    Gury mata ulanmak roligiň ýüzüne zeper ýetirip biler. Awto-berijini rolik guransoň ulanyň.

  3. Skaneriň gapagyny açyň.

  4. Aşakdaky suratda görkezilýän ýeri arassalaň.

    Möhüm:
    • Eger aýnada ýagyň ýa-da aýyrmasy kyn tegmil bar bolsa, biraz aýna arassalaýjy serişde we ýumşak mata bilen tegmili aýryň. Ähli galan suwuklygy süpürip aýryň.

    • Aýnanyň ýüzüni gaty basmaň.

    • Aýnanyň ýüzüni çyzaýmaň ýa-da oňa zeper ýetiräýmäň. Aýnanyň ýüzüne zeper ýetse, skanlamagyň hili peselip biler.

  5. Eger problemany aýryp bolmasa, düwmesini basyp, printeri öçüriň we awto-berijiniň gapagyny açyp, onuň giriş lotogyny galdyryň.

  6. Aşakdaky suratda görkezilýän ýeri arassalaň.