Çap edilen material boýunça problemalar
Takmynan 2.5 sm aralyklar bilen reňkli zolaklar peýda bolýar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Ýerini üýtgetmek ýa-da bejermek üçin, printeri daşamaly bolsaňyz, printeri şu aşakdaky görkezmeleri berjaý edip gaplaň.
Skaner bloguny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.
Printeri saklanyňyzda ýa-da daşanyňyzda, ony egmäň, dik goýmaň ýa-da başaşak öwürmäň; ýogsam, syýanyň syzmagy mümkin.

Syýa kartrijlerini dakyp goýuň. Kartrijleri aýyrmaklyk çap ediş golowkasyny guradyp, printeriň çap etmegine päsgel berip biler.
düwmesini basyp, printeri ýapyň.
Tok çyrasynyň sönendigini barlaň we tok şnuruny sogruň.
Tok şnuruny tok çyrasy sönük wagty sogruň. Ýogsam, çap ediş golowkasy başlangyç ornuna dolanmaz we syýanyň guramagyna hem-de çap edip bolmazlygyna sebäp bolar.
Tok şnury we USB kabeli ýaly ähli kabelleri sogruň.
Printerdäki ähli kagyzlary aýryň.
Printerde original ýokdugyny barlaň.
Skaneriň gapagyny ýapyk saklap, skaner bloguny açyň. Syýa kartrijini saklaýjyny lenta bilen korpusa berkidiň.

Skaner bloguny ýapyň.

Printeri aşakda görkezilişi ýaly gaplamaga taýýarlanyň.

Gorag materiallaryny ulanyp, printer öz gutusyna gaplaň.
Printeri täzeden ulanjak wagtyňyz, syýa kartrijini saklaýjydaky lentany aýryň. Indiki gezek çap edeniňizde çap edişiň hili peselse, golowkany arassalaň we deňläň.