/ Awtorlyk hukugy

Awtorlyk hukugy

Öňden Seiko Epson Corporation-yň ýazmaça rugsady bolmazdan, şu resminamanyň hiç bir bölegini täzeden çykarmak, gözleg ulgamlarynda saklamak ýa-da islendik görnüşde we islendik usul (elektron, mehaniki, nusgalamak, ýazga geçirmek ýa-da başga usullar) arkaly başga birine bermek bolmaýar. Şu resminamada bar bolan maglumatlary ulanmak boýunça hiç hili patent borçnamasy göz öňünde tutulmaýar. Edil şonuň ýaly-da, şu ýerdäki maglumatlary ulanmagyň netijesinde ýüze çykan zeperler üçin hiç hili jogapkärçilik göz öňünde tutulmaýar. Şu ýerdäki maglumatlar diňe Epson önümi bilen ulanmaklyk üçin taýýarlanyldy. Şu ýerdäki maglumatlaryň başga önümlerde ulanylmagy boýunça Epson hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.

Seiko Epson Corporation we onuň şahamçalary betbagtçylykly hadysalar, önümiň nädogry ulanylmagy, birugsat modifisirlenmegi, bejerilmegi ýa-da üýtgedilmegi, şeýle hem, Seiko Epson Corporation tarapyndan işlenilip düzülen işlediş we tehniki hyzmat ediş görkezmelerini pugta berjaý etmegiň mümkin bolmazlygy (ABŞ degişli däl) sebäpli şu önümi satyn alanyň ýa-da üçünji taraplaryň çeken zeperleri, ýitgileri, ýygymlary ýa-da çykdajylary üçin olaryň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

Seiko Epson Corporation we onuň şahamçalary Epson-yň original önümleri däl ýa-da Seiko Epson Corporation tarapyndan tassyklanylan önümler däl bolan islendik opsiýalaryň ýa-da sarp ediş materiallarynyň ulanylmagynyň netijesinde ýüze çykan islendik zeperler ýa-da problemalar üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Seiko Epson Corporation korporasiýasy Seiko Epson Corporation tarapyndan tassyklanylan önüm däl bolan islendik interfeýs kabeliniň ulanylmagyndan emele gelen elektromagnit päsgelçliligiň netijesinde ýüze çykan islendik zeperler üçin jogapkärçilik çekmeýär.

© 2019 Seiko Epson Corporation

Bu gollanmanyň içindäki materiallar we şu önümiň tehniki häsiýetnamasy öňünden habar berilmezden üýtgedilmäge degişlidir.