Çap edilen material boýunça problemalar
Takmynan 2.5 sm aralyklar bilen reňkli zolaklar peýda bolýar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Bu printeriň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek üçin, şu görkezmeleri okaň we berjaý ediň.Soň salgylanar ýaly, şu gollanmany hökman saklaň.Printerde bellenilen ähli duýduryşlary we görkezmeleri hökman ýerine ýetiriň.
Printeriňizde ulanylan käbir simwollar printeriň howpsuzlygyny we dogry ulanylmagyny üpjün etmek üçindir. Simwollaryň manysyny öwrenmek üçin, aşakdaky websaýta baryň.
Diňe printeriň ýany bilen gelýän tok şnuruny ulanyň we ol şnury başga enjamlarda ulanmaň. Bu printerde başga şnurlary ulanmaklyk ýa-da berlen şnury başga enjamlarda ulanmaklyk ýangynyň döremegine ýa-da tok urmagyna sebäp bolup biler.
Tok şnurunyň degişli ýerli howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýändigini anyklaň.
Eger printeriň gollanmasynda ýörite görkezilmeýän bolsa, onda tok şnuruny, wilkany, printer bloguny, skaner bloguny ýa-da goşmaça opsiýalary hiç haçan özbaşdak sökmäň, üýtgetmäň ýa-da bejerjek bolmaň.
Şu aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykanda, printeri tokdan aýryň we ökde hünärli serwis işgärlerine bejertmäge äkidiň:
Tok şnuruna ýa-da wilka zeper ýetende; printeriň içine suwuklyk gidende; printer ýere gaçanda ýa-da korpusyna zeper ýetende; printer kadaly işlemese ýa-da işleýşi mese-mälim peselende. Ulanyş görkezmelerinde beýan edilmedik regulirlemeleri sazlamaň.
Printeri tok şnuruny aňsat birikdirmek üçin elektrik rozetkasynyň golaýynda ýerleşdiriň.
Printeri açyk howada, gaty hapa ýa-da tozanly ýerlerde, suw we ýylylyk çeşmeleriniň ýanynda, urgy, titreme, ýokary temperatura ýa-da çyglylyk bolýan ýerlerde goýmaň ýa-da saklamaň.
Seresap boluň, printeriň üstüne suwuklyk dökmäň we printeri öl el bilen ellemäň.
Printeri kardiostimulýatorlardan azyndan 22 sm uzakda saklaň. Printerden çykýan radiotolkunlar kardiostimulýatorlaryň işleýşine ýaramaz täsir edip biler.