Çap edilen material boýunça problemalar
Takmynan 2.5 sm aralyklar bilen reňkli zolaklar peýda bolýar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Programmalary we proşiwkany täzelemek arkaly käbir problemalary çözmegiňiz, funksiýalary gowulandyrmagyňyz ýa-da goşmagyňyz mümkin. Programmalaryň we proşiwkanyň iň täze wersiýalaryny ulanyň.
Printeriň kompýutere, kompýuteriň bolsa internete birikdirilendigini anyklaň.
EPSON Software Updater başladyp, programmalary ýa-da proşiwkany täzeläň.
Täzeleme gutarýança, kompýuteri ýa-da printeri ýapmaň; ýogsam, printeriň bozulmagy mümkin.
Eger täzelemek isleýän programmaňyz sanawda ýok bolsa, ony EPSON Software Updater arkaly täzeläp bilmeýärsiňiz. Programmalaryň iň täze wersiýalaryny ýerli Epson websaýtyňyzdan gözläň.