/ Tor hyzmaty we programma üpjünçiligi maglumaty / Suratlary çap edýän programma (Epson Photo+)

Suratlary çap edýän programma (Epson Photo+)

Epson Photo+ programmasy dürli ýerleşimdäki suratlary ýeňillik bilen çap etmäge mümkinçilik berýär. Resminamanyň synlawyny görýärkäňiz, suraty düzetmegi ýerine ýetirip we onuň ornuny sazlap hem bilersiňiz. Islän ýeriňize tekst we möhürler goşup, suratlaryňyzy ýagtyldyp hem bilersiňiz. Hakyky Epson fotokagyzyna çap edilende, ajaýyp reňkli owadan sünnäleme üçin syýanyň öndürijiligi maksimuma çykarylýar.

Jikme-jiklik üçin, programmanyň kömegine serediň.

Bellik:

Bu programmany ulanmak üçin, bu printeriň draýwerini gurnamaly.

Başlamak
  • Windows 10

    Başlat düwmesini basyp, Epson Software > Epson Photo+ saýlaň.

  • Windows 8.1/Windows 8

    Gözleg gutusyna programmanyň adyny ýazyň we görkezilen şekiljigi saýlaň.

  • Windows 7/Windows Vista/Windows XP

    Başlat düwmesini basyp, Ähli programmalar ýa-da Programmalar > Epson Software > Epson Photo+ saýlaň.

Mac OS bilen başlamak

Git > Programmalar > Epson Software > Epson Photo+ saýlaň.