Çap edilen material boýunça problemalar
Takmynan 2.5 sm aralyklar bilen reňkli zolaklar peýda bolýar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Printeriň toguny açan we öçüren wagtyňyz hemişe tok düwmesini ulanyň.
Tok şnuruny sogurmazdan öň, tok çyrasynyň sönükdigini barlaň.
Eger agzy ýapylmasa, syýanyň öz-özünden guramagy mümkin. Guramazlgy üçin syýaly ýa-da ýagly ruçkanyň gapagynyň ýapylyş ýaly, syýasy guramazlygy üçin, çap ediş golowkasynyň gapagyny dogry ýapyň.
Printer işläp durka tok şnury sogrulsa ýa-da tok öçse, çap ediş golowkasynyň gapagynyň dogry ýapylman galmagy mümkin. Eger çap ediş golowkasy şol durşuna goýulsa, ol gurap, lüleleriň (syýa çykalgalarynyň) dykylmagyna elter.
Şeýle ýagdaýlarda, çap ediş golowkasynyň gapagynyň ýapylmagy üçin, mümkin boldugyça derrew printeriň toguny açyp öçüriň.