/ Möhüm görkezmeler / Howpsuzlyk görkezmeleri / Syýa üçin howpsuzlyk görkezmeleri

Syýa üçin howpsuzlyk görkezmeleri

  • Ulanylan syýa kartrijlerine seresaplyk bilen çemeleşiň, sebäbi syýa çykýan deşigiň töwereginde syýa bar bolmagy mümkin.

    • Endamyňyza syýa degse, ony sabyn we suw bilen gowy edip ýuwuň.

    • Syýa gözüňize girse, ony haýal etmän bol suw bilen ýuwuň. Şondan soň hem bimazalyk ýa-da görşüň ýaramazlaşmagy dowam etse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

    • Syýa agzyňyza girse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

  • Syýa kartrijini sökmäň; ýogsam, gözüňize ýa-da endamyňyza syýanyň degmegi mümkin.

  • Syýa kartrijlerini gaty çaýkamaň we ýere gaçyrmaň. Seresap boluň, olary gysmaň ýa-da etiketkalaryny goparmaň. Ol syýanyň syzmagyna eltip biler.

  • Syýa kartrijlerini çagalaryň elýeterinden uzakda goýuň.