Skaner bloguny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.
Nusgalaýan wagtyňyz syýa kartrijlerini çalşyrsaňyz, originallaryň ýerinden süýşmegi mümkin. Ýatyrmak üçin,
düwmesine basyp, originallary çalşyryň.
Skaneriň gapagyny ýapyk saklap, skaner bloguny açyň.

düwmesini 10 sekunt basyp saklaň.

Syýa kartrijini saklaýjy çalşyryş ornuna süýşýär.
Syýa kartrijini çalşyrmagy ýatyrmak üçin, gurnalgy syýa kartrijlerini saklaň we printeriň toguny ýapyň.
Gara syýa kartrijini çalşyranyňyzda, täze gara syýa kartrijini dört-bäş gezek emaý bilen silkeläň we ony gabyndan çykaryň. Beýleki reňkli kartrijleri çalşyranyňyzda, täze reňkli kartrijleri silkelemän gabyndan çykaryň.

Gabyny açanyňyzdan soň, kartrijleri çaýkamaň.
Diňe sary lentany aýryň.

Suratda görkezilýän bölümlere degmäň. Şeýle etmeklik printeriň kadaly işlemegine we çap etmegine päsgel berip biler.

Syýa kartrijindäki uçlugy gysyp, göni ýokarlygyna çekiň. Eger syýa kartrijini aýryp bilmeseňiz, dözümli çekiň

Täze syýa kartrijini dakyp, dözümli aşak basyň.

Skaner bloguny ýapyň.

düwmesini basyň.
Syýa goýbermek başlaýar.
Syýa kartriji dakylansoň, printer syýa goýberýärkä, tok we syýa çyrasy ýanyp sönüp durýar. Syýa goýbermeklik dowam edýärkä, printeriň toguny öçürmäň. Goýbermek takmynan iki minut wagt alýar. Eger syýa goýbermeklik doly tamamlanmasa, çap edip bolmazlygy mümkin.
Eger
çyrasy sönmese, syýa kartrijini aýryp, täzeden dakyp görüň.