/ Printeriň esaslary / Dolandyryş paneli / Düwmeler we funksiýalar

Düwmeler we funksiýalar

Printeriň toguny açýar ýa-da öçürýär.

Tok çyrasynyň sönükdigini barlap, tok şnuruny sogruň.

Tor näsazlygy ýüze çykanda, şu düwmäni basmaklyk näsazlygy ýatyrýar. WPS push düwmesi bilen Wi-Fi awto-gurnawyny ýerine ýetirmek üçin, bu düwmäni bäş sekuntdan köp basyp saklaň.

Printeri torda ulanýarkaňyz duş gelen bolmagyňyz mümkin islendik problemanyň sebäplerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän tor birikmesi hasabatyny çap edýär. Eger size has jikme-jik tor sazlamalary we birikme ýagdaýy gerek bolsa, tor ýagdaý listini çap eder ýaly, şu düwmäni azyndan bäş sekunt basyp saklaň.

A4 ölçegli adaty kagyza monohrom nusgalamagy başladýar. Nusga sanyny köpeltmek üçin (20-ä çenli nusgadan), şu düwmäni bir sekunt aralyklar bilen basyň.

A4 ölçegli adaty kagyza reňkli nusgalamagy başladýar. Nusga sanyny köpeltmek üçin (20-ä çenli nusgadan), şu düwmäni bir sekunt aralyklar bilen basyň.

Häzirki amaly duruzýar.

Çap ediş golowkasyny arassalamagy başlatmak üçin, düwmesi ýanyp-sönüp başlaýança ol düwmäni bäş sekunt basyp saklaň.

çyrasy ýananda, syýa kartrijlerini çalşyrmak üçin, şu düwmä basyň. çyrasy ýanyp-sönende ýa-da sönende, kartriji çalşyrmak üçin, syýa kartrijini saklaýjy süýşüp başlaýança şu düwmäni 10 sekunt basyp saklaň.

Düwme birleşmeleriniň funksiýalary

Düwmeleriň dürli birleşmelerinde goşmaça funksiýalar bar.

+

Kompýutere skanla

USB birikmeli kompýuterde programma üpjünçiligini işletmek we PDF formatynda skanlamak üçin, we düwmelerini birlikde basyň.

+ ýa-da

Garalama tertibinde nusgala

Garalama tertibinde nusgalamak üçin, we ýa-da düwmelerini birlikde basyň.

Günbatar Ýewropada ýaşaýan ulanyjylar üçin garalama tertibi elýeterli däl.

+

PIN kod gurnawy (WPS)

PIN kod gurnawyny (WPS) başlatmak üçin, we düwmelerini birlikde basyp saklaň.

+

Wi-Fi Direct (Ýönekeý AP) gurnawy

Wi-Fi Direct (Ýönekeý AP) gurnawyny başlatmak üçin, we düwmelerini birlikde basyp saklaň.

+

Standart tor sazlamalaryny dikelt

Standart tor sazlamalaryny dikeltmek üçin, düwmesini basyp saklap printeri işlediň. Tor sazlamalary dikeldilende, printer açylýar we tor ýagdaýy çyralary gezekleşip ýanyp-sönýär.

+

Lüle-barlag şablonyny çap et

Lüle-barlag şablonyny çap etmek üçin, düwmesini basyp saklap printeri işlediň.