/ Syýa kartrijlerini çalşyrmak / Syýa kartrijini ulanmak boýunça ätiýaçlyk çäreleri

Syýa kartrijini ulanmak boýunça ätiýaçlyk çäreleri

Syýa kartrijlerini çalşyrmazdan öň aşakdaky görkezmeleri okaň.

Ulanmak boýunça ätiýaçlyk çäreleri
  • Syýa kartrijlerini gün şöhlesiniň göni düşmeýän ýerinde goýuň.

  • Syýa kartrijlerini ýokary ýa-da doňak temperaturada saklamaň.

  • Epson syýa kartrijini gabynda görkezilen sene geçmänkä ulanmaklygy maslahat berýär.

  • Iň gowy netijeleri almak üçin, syýa kartrijini gaby açylansoň alty aýyň dowamynda ulanyp gutaryň.

  • Iň gowy netijeleri almak üçin, syýa kartrijiniň gabyny düýbüni aşak edip saklaň.

  • Syýa kartrijini sowuk saklanylýan ýerden getireniňizde, ony ulanmazdan öň, azyndan üç sagatlap otag temperaturasynda ýyladyň.

  • Printere göni dakmaga taýýarlanman, syýa kartrijiniň gabyny açmaň. Kartrij ygtybarly bolar ýaly, waakumly gaplanýar. Eger kartriji uzak wagtlap ulanman, gabyndan çykaryp goýsaňyz, çap edişiň kadaly bolmazlygy mümkin.

  • Seresap boluň, gabyndan çykaranyňyzda syýa kartrijiniň gapdalyndaky gaňyrçaklary döwäýmäň.

  • Kartriji dakmankaňyz, onuň sary lentasyny aýryň; ýogsam, çap etmegiň hili peselip biler ýa-da çap edip bolmazlygy mümkin. Kartrijiň etiketkasyny aýyrmaň ýa-da ýyrtmaň; ol syýanyň syzmagyna sebäp bolup biler.

  • Kartrijiň aşagyndaky aňyrsy görünýän plombany aýyrmaň; ýogsam, kartriji ulanyp bolmazlygy mümkin.

  • Suratda görkezilýän bölümlere degmäň. Şeýle etmeklik printeriň kadaly işlemegine we çap etmegine päsgel berip biler.

  • Ähli syýa kartrijlerini dakyň; ýogsam, çap edip bilmersiňiz.

  • Printeriň togy ýapyk durka, syýa kartrijlerini çalşyrmaň. Çap ediş golowkasyny el bilen süýşürmäň; ýogsam, printere zeper ýetirmegiňiz mümkin.

  • Syýa kartriji dakylansoň, printer syýa goýberýärkä, tok we syýa çyrasy ýanyp sönüp durýar. Syýa goýbermeklik dowam edýärkä, printeriň toguny öçürmäň. Eger syýa goýbermeklik doly tamamlanmasa, çap edip bolmazlygy mümkin.

  • Printeri syýa kartrijlerini aýryp goýmaň ýa-da kartrij çalşyrylýarka, printeriň toguny ýapmaň. Ýogsam, golowkanyň lülelerinde galan syýanyň guramagy we hiç zat çap edip bolmazlygy mümkin.

  • Eger syýa kartrijini wagtlaýynça aýyrmaly bolsaňyz, syýa çykýan ýeri hapadan we tozandan gorap saklaň. Syýa çykýan deşik aşak ýa-da gapdala bolar ýaly edip, kartriji printer bilen birmeňzeş şertlerde saklaň. Syýa kartrijleriniň syýa çykýan deşigini ýokaryk edip goýmaň. Syýa çykýan deşigiň özünde artykmaç syýany goýberýän klapan bardygy sebäpli, ýörite gapak ýa-da dyky gözläp oturmak gerek däl.

  • Aýrylan kartrijlerde syýa çykýan deşigiň töwereginde syýa bar bolmagy mümkin, şonuň üçin, seresap boluň, kartriji aýranyňyzda daş-töwerege syýa degräýmäň.

  • Bu printeriň ulanýan kartrijlerinde maglumatlara (mes. her kartrijde galan syýanyň möçberine) gözegçilik edýän ýaşyl reňkli çip goýlandyr. Ýagny, heniz gutarmanka printerden aýran bolsaňyz hem, kartriji printere täzeden dakyp ulanyp bilersiňiz. Ýöne, kartriji täzeden dakanyňyzda, printeriň gowy işlemegini üpjün etmek üçin, biraz syýa sarp edilmegi mümkin.

  • Maksimum syýa netijeliligi üçin, syýa kartrijini diňe çalşyrjak wagtyňyz aýryň. Syýa ýagdaýy pes kartrijler täzeden dakylanda ulanyp bolmazlygy mümkin.

  • Iň ýokary hilli çap etmekligi we golowkanyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, printer kartriji çalşyrmalydygyny habar berende, kartrijde belli bir möçberde rezerw syýa goýulýar. Size görkezilen sahypa sanyna ol rezerw degişli däldir.

  • Syýa kartrijini sökmäň ýa-da täzeden modelirlemäň, ýogsam, kadaly çap edip bolmazlygy mümkin.

  • Printeriň ýany bilen gelen kartrijleri çalşyrmak üçin ulanyp bilmersiňiz.

  • Çap edýän suratlaryňyza, ulanýan kagyz görnüşiňize, çap ediş ýygylygyňyza we daşky gurşaw şertlerine (mes. temperatura) baglylykda, sahypa sanlary üýtgäp biler.

Syýanyň sarp edilişi
  • Çap ediş golowkasynyň optimal öndürijiligini üpjün etmek üçin, ähli kartrijlerden biraz syýa alnyp, tehniki hyzmat amallary ýerine ýetirilende hem ulanylýar. Kartriji çalşyran ýa-da printeriň toguny açan wagtyňyzda hem, syýanyň ulanylmagy mümkindir.

  • Monohrom ýa-da çal reňkde çap edilende, kagyz görnüşiniň ýa-da çap ediş hiliniň sazlamalaryna baglylykda, gara syýa derek reňkli syýalaryň ulanylmagy mümkin. Onuň sebäbi, gara syýa ýasamak üçin reňkli syýalar garylyp ulanylýar.

  • Printeriň ýany bilen berilýän kartrijlerdäki syýanyň bir bölegi ilkinji gurnaýyşda sarp edilýär. Çykýan kagyzlaryň ýokary hilli bolmagyny gazanmak üçin, çap ediş golowkasy syýadan doldurylýar. Ol proses bir gezeklik bolup, oňa belli bir möçberde syýa gerek bolýar, şonuň üçin-de, ol kartrijleriň soňraky goýjak kartrijleriňize garanyňda birneme azrak sahypa çap etmekligi mümkindir.