Çap ediş hili pes

Çap edilen kagyzlardaky bulanyklyk, zolaklar, çykmadyk reňkler, solgun reňkler, süýşmeler sebäpli, çap ediş hili ýaramaz bolsa, onda şu aşakdakylary barlaň.

Printeri barlamak
  • Lüle barlagyny ýerine ýetiriň we golowkanyň haýsydyr bir lülesi dykylan bolsa arassalaň.

  • Çap ediş golowkasyny deňläň.

Kagyzy barlamak
  • Şu printeriň goldaýan kagyzyny ulanyň.

  • Öl, zeperli ýa-da gaty köne kagyza çap etmäň.

  • Kagyz togalanan ýa-da konwert güberilen bolsa tekizläň.

  • Kagyzlary çap edilen badyna üst-üste goýmaň.

  • Çap edilen kagyzlary ilki bilen gowy guradyp, soň görkeziň ýa-da faýllaň. Olary guradýan wagtyňyz, günüň şöhlesini göni düşürmäň, guradyjy ulanmaň we kagyzyň çap edilen ýüzüni ellemäň.

  • Surat ýa-da fotosurat çap edilende, Epson adaty kagyza derek hakyky Epson kagyzyny ulanmagyňyzy maslahat berýär. Hakyky Epson kagyzynyň çap edilýän ýüzüne çap ediň.

Çap ediş sazlamalaryny barlamak
  • Printerde goýlan kagyzyň görnüşi üçin, degişli kagyz görnüşiniň sazlamasyny saýlaň.

  • Has ýokary hil sazlamasyny ulanyp çap ediň.

Syýa kartrijini barlamak
  • Epson syýa kartrijini gabynda görkezilen sene geçmänkä ulanmaklygy maslahat berýär.

  • Iň gowy netijeleri almak üçin, syýa kartrijini gaby açylansoň alty aýyň dowamynda ulanyp gutaryň.

  • Hakyky Epson syýa kartrijlerini ulanyp görüň. Bu önüm hakyky Epson syýa kartrijleriniň ulanylmagy esasynda reňkleri sazlamak üçin taýýarlanylan. Hakyky däl syýa kartrijleriniň ulanylmagy çap etmegiň hilini peseldip biler.