/ Möhüm görkezmeler / Printer barada maslahatlar we duýduryşlar / Printeri gurnamak barada maslahatlar we duýduryşlar

Printeri gurnamak barada maslahatlar we duýduryşlar

  • Printeriň korpusyndaky deşikleri beklemäň ýa-da ýapmaň.

  • Diňe printeriň etiketkasynda görkezilen energiýa çeşmesini ulanyň.

  • Printeri regulýar açylýan we ýapylýan fotonusga apparatlaryna ýa-da kondisionirleýiş ulgamyna tok üpjün edýän rozetkalara birikdirmäň.

  • Printeri diwara oturdylýan öçürgiçler ýa-da awtomatik taýmerler arkaly dolandyrylýan rozetkalara birikdirmäň.

  • Tutuş kompýuter ulgamyny gatygürleýji ýa-da simsiz telefonlaryň baza modullary ýaly potensial päsgelçilik çeşmelerinden daşda gurnaň.

  • Tok şnurlaryny olar sürtülmez, kesilmez, dargamaz, towlanmaz we bükülmez ýaly ýerlerden geçirmeli. Tok şnurunyň üstünde zat goýmaň we tok şnurunyň üstünden basylmagyna we geçilmegine ýol bermäň. Ylaýta-da, ähli tok şnurlarynyň uçlarynyň we öwürgiç (preobrazowatel) bilen birigýän ýerleriniň göni bolmagyna üns beriň.

  • Eger siz printere uzaldyjy arkaly birigýän bolsaňyz, şol uzaldyja birikdirilen ähli gurluşlaryň jemi ýüküniň maksimum rugsat berilýän ýükden köp bolmazlygyny üpjün ediň. Şeýle hem, elektrik rozetkasyna birikdirilen ähli gurluşlaryň jemi ýüküniň maksimum rugsat berilýän ýükden köp bolmazlygyny üpjün ediň.

  • Eger siz printeri Germaniýada ulanmakçy bolsaňyz, gysga utgaşmadan ýa-da artykmaç tokdan goramak üçin, ony 10-luk ýa-da 16-lyk awtomatik öçürgijiň üsti bilen birikdiriň.

  • Printeri kabel arkaly kompýutere ýa-da başga enjama birikdiren wagtyňyz, razýomlaryň ugrunyň dogrudygyna göz ýetiriň. Her razýomy diňe ýekeje usul bilen birikdirip bolýar. Eger razýomy ýalňyş daksaňyz, kabel arkaly birikdirilen iki enjama hem zeper ýetmegi mümkin.

  • Printeri ähli tarapy enjamyň binýadyndan has giň bolan tekiz, durnukly ýerde goýuň. Eger printer biraz gyşyk dursa-da dogry işlemez.

  • Printeriň ýokarsynda skaneriň gapagyny doly açar ýaly ýer goýuň.

  • Printeriň öňünde kagyzlaryň çykarylmagy üçin ýeterlik boş ýer goýuň.

  • Printeri temperaturanyň we çyglylygyň çalt üýtgeýän ýerlerine gurnamaň. Printeri gün şöhlesiniň göni düşmeginden, ýiti ýagtylykdan we ýylylyk çeşmelerinden uzakda saklaň.