/ Syýa kartrijlerini çalşyrmak / Syýa kartrijlerini çalşyrmak (syýa çyrasy ýananda ýa-da ýanyp-sönende)

Syýa kartrijlerini çalşyrmak (syýa çyrasy ýananda ýa-da ýanyp-sönende)

Üns beriň:

Skaner bloguny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

Bellik:

Nusgalaýan wagtyňyz syýa kartrijlerini çalşyrsaňyz, originallaryň ýerinden süýşmegi mümkin. Ýatyrmak üçin, düwmesine basyp, originallary çalşyryň.

  1. Skaneriň gapagyny ýapyk saklap, skaner bloguny açyň.

  2. Syýa kartrijini saklaýjyny süýşürmek üçin, printeriň düwmelerini ulanyň.

    Bellik:

    şekiljiginde durýan kartriji çalşyryň. Eger başga-da gutaran syýa kartriji bar bolsa, her gezek basanyňyzda, kartrij şekiljigine süýşýär.

    • Eger çyrasy ýanýan bolsa (bir ýa-da birnäçe syýa kartriji gutarypdyr)
      düwmesini basyň. Syýa kartrijini saklaýjy şekiljigine süýşýär. Ol orunda syýa kartrijlerini çalşyryp bolmaýar. Indiki ädime geçiň.
    • Eger çyrasy ýanyp-sönýän bolsa (bir ýa-da birnäçe syýa kartriji azalypdyr)
      düwmesini 10 sekunt basyp saklaň. Syýa kartrijini saklaýjy şekiljigine süýşýär. Ol orunda syýa kartrijlerini çalşyryp bolmaýar. Indiki ädime geçiň.
    Bellik:

    Syýa kartrijini çalşyrmagy ýatyrmak üçin, gurnalgy syýa kartrijlerini saklaň we printeriň toguny ýapyň.

  3. düwmesine ikilenç basyň.

    Syýa kartrijini saklaýjy çalşyryş ornuna süýşýär.

  4. Gara syýa kartrijini çalşyranyňyzda, täze gara syýa kartrijini dört-bäş gezek emaý bilen silkeläň we ony gabyndan çykaryň. Beýleki reňkli kartrijleri çalşyranyňyzda, täze reňkli kartrijleri silkelemän gabyndan çykaryň.

    Möhüm:

    Gabyny açanyňyzdan soň, kartrijleri çaýkamaň.

  5. Diňe sary lentany aýryň.

    Möhüm:

    Suratda görkezilýän bölümlere degmäň. Şeýle etmeklik printeriň kadaly işlemegine we çap etmegine päsgel berip biler.

  6. Syýa kartrijindäki uçlugy gysyp, göni ýokarlygyna çekiň. Eger syýa kartrijini aýryp bilmeseňiz, dözümli çekiň.

  7. Täze syýa kartrijini dakyp, dözümli aşak basyň.

  8. Skaner bloguny ýapyň.

  9. düwmesini basyň.

    Syýa goýbermek başlaýar.

    Möhüm:

    Syýa kartriji dakylansoň, printer syýa goýberýärkä, tok we syýa çyrasy ýanyp sönüp durýar. Syýa goýbermeklik dowam edýärkä, printeriň toguny öçürmäň. Goýbermek takmynan iki minut wagt alýar. Eger syýa goýbermeklik doly tamamlanmasa, çap edip bolmazlygy mümkin.

    Bellik:

    Eger çyrasy sönmese, syýa kartrijini aýryp, täzeden dakyp görüň.