Çap edilen material boýunça problemalar
Takmynan 2.5 sm aralyklar bilen reňkli zolaklar peýda bolýar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Gara syýa azalanda we reňkli syýa köp wagty, gara syýa ýasamak üçin, dürli reňkleri garyp bilersiňiz. Gara syýa kartrijini çalşyrmaga taýýarlanýarkaňyz, çap etmäge dowam edip bilersiňiz.
Bu funksiýa diňe printer draýwerinde şu aşakdaky sazlamalary saýlanyňyzda elýeterli bolýar.
Kagyz Görnüşi: Adaty kagyz
Hil: Standart
EPSON Status Monitor 3: Açyk
Eger EPSON Status Monitor 3ýapyk bolsa, printer draýwerine girip, Abatlaýyş tabynda Giňeldilen Sazlamalar-a basyň we EPSON Status Monitor 3 Işlet saýlaň.
Garyşyk gara dury garadan biraz üýtgeşik görünýär. Üstesine, çap ediş tizligi hem haýallaýar.
Çap ediş golowkasynyň hilini saklamak üçin, gara syýa hem sarp edilýär.

|
Opsiýalar |
Suratlandyrma |
|---|---|
|
Hawa |
Gara syýa ýasamak üçin reňkli syýalary garyp ulanmak üçin saýlaň. Indiki gezek şuňa meňzeş iş çap edeniňizde, şu penjire görkezilýär. |
|
Ýok |
Galan gara syýany ulanyp dowam etmek üçin saýlaň. Indiki gezek şuňa meňzeş iş çap edeniňizde, şu penjire görkezilýär. |
|
Bu funksiýany öçüriň |
Galan gara syýany ulanyp dowam etmek üçin saýlaň. Gara syýa kartrijini çalşyryp, ol ýene-de azalýança, bu penjire görkezilmeýär. |