Çap edilen material boýunça problemalar
Takmynan 2.5 sm aralyklar bilen reňkli zolaklar peýda bolýar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Kagyzy dogry ugurda ýerleşdiriň, gyra gönükdirijilerini kagyzyň gyrasyna süýşüriň.
Originallary skanner aýnasynda goýanyňyzda, originalyň burçy bilen skaner aýnasynyň çarçuwasynda bellijek bilen görkezilýän burçy deňläň. Nusganyň gyralary üzük-ýoluk bolsa, originaly burçdan biraz uzaga süýşüriň.
Originallar skanner aýnasynda goýlanda, gury, ýumşak we arassa mata ulanyp, skanner aýnasy-ny hem-de skaner gapagyny arassalaň. Aýnada tozan ýa-da tegmil bar bolsa, nusgalanýan ýer olary hem öz içine alyp, giňelip bilýär, ol bolsa, öz gezeginde nusgalama ornunyň ýalňyş ýa-da suratlaryň kiçi bolmagyna eltip bilýär.

Degişli kagyz ölçegi sazlamasyny saýlaň.
Çap edilýän ýere düşer ýaly edip, goýmada gyraky ýeri sazlaň.