/ Printeriň esaslary / Dolandyryş paneli / Çyralar we printeriň ýagdaýy

Çyralar we printeriň ýagdaýy

Dolandyryş panelindäki çyralar printeriň ýagdaýyny görkezýär.

Kadaly ýagdaý

: Açyk

Açyk

Ýagdaý

Printer simsiz (Wi-Fi) tora birigen.

Printer Wi-Fi Direct (Ýönekeý AP) tertibinde tora birigen.

Näsazlyk ýagdaýy

Näsazlyk ýüze çykanda, çyra ýanýar ýa-da ýanyp sönýär. Näsazlygyň anyk maglumaty kompýuteriň ekranynda görkezilýär.

/: Açyk

/: Ýanyp-sönýär

Açyk

Ýagdaý

Çözgütler

Wi-Fi birikmesinde näsazlyk ýüze çykdy.

Näsazlygy aýryp synanmak üçin, düwmesini basyň.

Syýa kartriji gutarypdyr ýa-da kartrijde goýberer ýaly ýeterlik syýa ýok.

Iň ýokary hilli çap etmekligi we golowkanyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, printer kartriji çalşyrmalydygyny habar berende, kartrijde belli bir möçberde rezerw syýa goýulýar. Täze syýa kartriji bilen çalşyryň.

Syýa kartriji dakylmadyk.

Syýa kartrijini dakyň.

Syýa kartriji tanalmady.

Syýa kartrijini dözümli aşak basyň.

Goldanylmaýan syýa kartriji dakyldy.

Şu printer tarapyndan goldanylýan syýa kartrijini dakyň.

Printeriň ýany bilen gelen kartrijleri çalşyrmak üçin ulanyp bilmersiňiz.

Syýa kartriji gutaryp barýar.

çyrasy ýanýança çap edip bilersiňiz.

Täze syýa kartrijini taýýarlaň. Kompýutere girip, syýanyň derejesini barlap bilersiňiz.

Kagyz goýulmadyk ýa-da birden köp list berildi.

Kagyz goýup, ýa-da düwmesini basyň.

Haýal ýanyp sönýär (1,25 sekunt aralykda)

Kagyz dykyldy.

Kagyzy aýryp, ýa-da düwmesini basyň.

Çalt ýanyp sönýär (0,5 sekunt aralykda)

Kagyz printeriň içinde galýar.

yzky kagyz beriş içine A4 ölçegli kagyz goýup, içindäki kagyzy aýyrmak üçin, ýa-da düwmesini basyň. Kagyzy dik ugra goýuň.

  • Printeriň togy dogry ýapylmady.*

  • Printer işläp durka ýapylandygy sebäpli, lüleleriň gurap dykylan bolmagy mümkin.

* Tok rozetka blogy ýa-da öçürgiç bilen ýapyldy, wilka rozetkadan sogruldy ýa-da elektrik näsazlygy ýüze çykdy.

  • ýa-da düwmesi basylyp näsazlyk aýrylansoň, lüle barlagyny geçirmegi maslahat berýäris. Islendik garaşýan çap işlerini ýatyryň.

  • Printeriň toguny öçürmek üçin, düwmesini basyň.

Birlikde ýanyp sönýär

Syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar ýa-da gutardy.

Syýa prokladkalaryny çalşyrmaly.

Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň.*1 Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Çap etmäge dowam edip bilersiňiz diýen hat kompýuterde görkezilende, çap etmäge dowam etmek üçin ýa-da düwmesini basyň. Wagtyň geçmegi bilen çyralaryň ýanyp-sönmegi durar, ýöne olar prokladka çalşyrylýança wagtal-wagtal ýanyp-sönüp durarlar.

Gezekleşip ýanyp sönýär

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar ýa-da gutardy.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmaly.

Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň.*1 Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Çap etmäge dowam edip bilersiňiz diýen hat kompýuterde görkezilende, çap etmäge dowam etmek üçin ýa-da düwmesini basyň. Wagtyň geçmegi bilen çyralaryň ýanyp-sönmegi durar, ýöne olar prokladka çalşyrylýança wagtal-wagtal ýanyp-sönüp durarlar.

Araçäksiz çap ediş elýeterli däl, ýöne araçäkli çap ediş elýeterli.

Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady.

Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.)

2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň.

Printer näsazlygy ýüze çykdy.

Skaner bloguny açyp, printeriň içindäki islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy çykaryň. Togy öçürip, täzeden açyň.

Printeriň toguny açyp ýapanyňyzdan soň hem näsazlyk aýrylmasa, Epson-yň goldawyna ýüz tutuň.

*1 Käbir çap ediş döwrelerinde, syýa prokladkasynda örän az artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, printer çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy çap edýän sahypa sanyňyza, çap edýän materialyňyza we printeriň ýerine ýetirýän arassalaýyş döwresiniň sanyna baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.