Çap edilen material boýunça problemalar
Takmynan 2.5 sm aralyklar bilen reňkli zolaklar peýda bolýar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Kagyzyň ýany bilen berilýän görkezmeleri okaň.
Goýmankaňyz kagyzyň gyralaryny ýelpäp deňläň. Fotokagyzy ýelpemäň we togalamaň. Ol çap edilýän tarapa zeper ýetirip biler.

Kagyz togalanan bolsa, goýmankaňyz ony ýazyň ýa-da ters tarapa çalaja togalaň. Togalanan kagyza çap etmeklik kagyzyň dykylmagyna we reňkleriň çyrşalmagyna eltip biler.

Tolkunly, ýyrtyk, gyrkylan, eplenen, öl, gaty galyň, gaty ýuka ýa-da ýüzüne nakleýka ýelmenen kagyz ulanmaň. Şeýle kagyzlary ulanmaklyk kagyzyň dykylmagyna we reňkleriň çyrşalmagyna eltip biler.
Goýmankaňyz konwertleriň gyralaryny ýelpäň we deňläň. Desselenen konwertleriň arasyna howa giren bolsa, goýmankaňyz olary basyp tekizläň.

Togalanan ýa-da eplenen konwertleri ulanmaň. Şeýle konwertleri ulanmaklyk kagyzyň dykylmagyna we reňkleriň çyrşalmagyna eltip biler.
Gapagy ýelimli konwertleri ýa-da äpişgeli konwertleri ulanmaň.
Gaty ýuka konwertleri hem ulanmaň, sebäbi çap edilýän wagty olaryň düýrlenmegi mümkin.