Çap edilen material boýunça problemalar
Takmynan 2.5 sm aralyklar bilen reňkli zolaklar peýda bolýar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Lüleler dykylsa, çap edişler solgun reňkli bolar, göze görnüp duran zolaklar görner ýa-da garaşylmadyk reňkler peýda bolar. Çap etmegiň hili peselende, lüle barlaýyş funksiýasyny ulanyň we lüleleriň dykylmandygyny barlaň. Lüleler dykylan bolsa, çap ediş golowkasyny arassalaň.
Golowka arassalanylýarka, skaner bloguny açmaň ýa-da printeriň toguny öçürmäň. Eger golowkany arassalamaklyk doly tamamlanmasa, çap edip bolmazlygy mümkin.
Golowka arassalamak üçin biraz syýa ulanylýandygy sebäpli, golowkany diňe çap etmegiň hili peselende arassalaň.
Syýa azalanda, çap ediş golowkasyny arassalap bolmazlygy mümkin.
Lüle barlagy we golowka arassalamak dört gezek töweregi gaýtalanansoň, eger çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan alty sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny we golowka arassalamagy ýene bir gezek gaýtalaň. Printeriň toguny öçürmegiňizi maslahat berýäris. Eger çap etmegiň hili şonda-da gowulaşmasa, Epson goldawyna ýüz tutuň.
Çap ediş golowkasynyň guramazlygy üçin, printeri işläp durka tokdan sogurmaň.