Epson Scan 2-de Fotosurat Tertibi ulanyp, fotosuratlar ýa-da suratlar üçin oňaýly, dürli surat sazlaýyş funksiýalary bilen originallary skanlap bilersiňiz.
Originallary ýerleşdiriň.
Skaner aýnasyna birnäçe originaly ýerleşdirip, olaryň ählisini birlikde skanlap bilersiňiz.Originallaryň arasynda iň az 20 mm boşluk bolmalydyr.
Epson Scan 2 başladyň.
Fotosurat Tertibi saýlaň (Režim sanawyndan).
Esasy Sazlamalar tabynda şu aşakdaky sazlamalary belläň.

Dokument Çeşmesi sazlamasy Skaner aýnasy edip, Dokument Görnüşi sazlamasy Reflektiw edip bellenilýär.(Reflektiw diýmek, aňyrsy görünmeýän originallar, ýagny adaty kagyz, fotosurat we ş.m. diýmekligi aňladýar).Bu sazlamalary üýtgedip bolmaýar.
Deslapky Synlama basyň.
Synlaw penjiresi açylyp, synlanylýan suratlar suratjyk görnüşinde görkezilýär.

Tutuş skanlanan zolagy synlamak üçin, synlaw penjiresiniň ýokarsyndaky sanawdan Eskiz gutujygyny öçüriň.
Synlawy tassyklaň we gerek bolsa, Kämilleşen Sazlamalar tabynda surat sazlamalaryny belläň.

Fotosuratlar ýa-da suratlar üçin oňaýly, şu aşakdakylar ýaly jikme-jik sazlamalary ulanyp, skanlanan suraty sazlap bilersiňiz.
Bellän başga sazlamalaryňyza baglylykda, käbir zatlar elýeterli bolman biler.
Originala baglylykda, skanlanan suratyň dogry sazlanylmazlygy mümkin.
Birnäçe suratjyk döredilende, her suratjyk üçin suratyň hilini sazlap bilersiňiz.Sazlama elementlerine baglylykda, birnäçe suratjygy saýlap, skanlanan suratlaryň hilini birlikde sazlap bilersiňiz.
Faýl ýazdyryş sazlamalaryny belläň.

Skanirlemek basyň.