Birikmäni barlamak (Tor)

  • Simsiz ugurlaýjyny ýa-da üpjün edijiňizi üýtgedeniňizde, printer üçin täzeden tor sazlamalaryny belläp görüň. Kompýuteri ýa-da smart enjamy printeriňki bilen şol bir SSID-e birikdiriň.

  • Tora birikdirmek isleýän enjamlaryňyzy ýapyň. 10 sekunt çemesi garaşyp, enjamlary şu aşakdaky yzygiderlikde açyň: simsiz ugurlaýjy, kompýuter/smart enjam we printer. Printeri we kompýuteri/smart enjamy simsiz ugurlaýja golaýladyp, radiotolkun aragatnaşygyna kömek ediň we tor sazlamalaryny täzeden belläp görüň.

  • Tor birikmesi hasabatyny çap ediň. Jikme-jiklik üçin, aşakdaky dahylly maglumat bagyna serediň. Eger hasabatda tor birikmesiniň şowsuz bolandygy görkezilýän bolsa, tor birikmesi hasabatyny barlap, çap edilen çözgütleri berjaý ediň.

  • Eger printere bellenen IP salgysy 169.254.XXX.XXX, kiçi tor maskasy 255.255.0.0 bolsa, IP salgysy dogry bellenmedik bolup biler. Simsiz ugurlaýjyny açyp ýapyň ýa-da printeriň tor sazlamalaryny nol ediň. Eger ol problemany çözmese, simsiz ugurlaýjynyň resminamalaryna serediň.

  • Kompýuteriň sazlamalarynyň dogrudygyny anyklamak üçin, kompýuterden islendik bir websaýta girip görüň. Eger hiç bir websaýta girip bilmeseňiz, onda kompýuterde problema bardyr. Kompýuteriň tor birikmesini barlaň.