/ Skanirlemek / Kompýuterden skanlamak / Epson Scan 2 arkaly skanlamak / Resminamalary skanlamak (Resminama Tertibi)

Resminamalary skanlamak (Resminama Tertibi)

Resminama Tertibi ulanyp (Epson Scan 2-de), tekst resminamalary üçin oňaýly jikme-jik sazlamalar arkaly, originallary skanlap bilersiňiz.

  1. Originallary ýerleşdiriň.

  2. Epson Scan 2 başladyň.

  3. Resminama Tertibi saýlaň (Režim sanawyndan).

  4. Esasy Sazlamalar tabynda şu aşakdaky sazlamalary belläň.

    • Resminamanyň Ölçegi: Ýerleşdirilen originalyň ölçegini saýlaň.
    • / (Original duruş ugry) düwmeleri: Ýerleşdirilen originalyň bellenen duruş ugruny saýlaň. Originalyň ölçegine baglylykda, bu elementiň awtomatik bellenilmegi we ony üýtgedip bolmazlygy mümkin.
    • Şekiliň Görnüşi: Skanlanan suraty ýazdyrar ýaly reňk saýlaň.
    • Şekiliň Durulygy: Çözgüdi saýlaň.
    Bellik:
    • Dokument Çeşmesi sazlamasy Skaner aýnasy edip üýtgewsiz bellenýär. Bu sazlamany üýtgedip bolmaýar.

    • Skan. soňra sah. goş./red. belleseňiz, original skanlanansoň, goşmaça originallary skanlap bilersiňiz. Ondan başga-da, Şekiliň Formaty sazlamasyny PDF ýa-da Multi-TIFF edip belleseňiz, skanlanan suratlar bir faýl edip ýazdyryp bilersiňiz.

  5. Gerek bolsa, başga skan sazlamalaryny belläň.

    • Deslapky Synlama düwmesine basyp, skanlanan suraty synlap bilersiňiz. Synlaw penjiresi açylyp, synlanylýan surat görkezilýär.
    • Kämilleşen Sazlamalar tabynda, tekst resminamalary üçin oňaýly, şu aşakdakylar ýaly surat sazlamalaryny belläp bilersiňiz.
      • Arka tarapy aýryň: Originallaryň fonuny deňläň.
      • Teksti Gowulandyrmak: Originaldaky bulanyk harplary düşnükli edip we ýiteldip bilersiňiz.
      • Awtomatik Meýdan Segmentasiýasy: Suratly resminama üçin ak-gara skanlama edilende, harplary düşnükli we suratlary endigan edip bilersiňiz.
      • Reňki Gowulandyrma: Skanlanan surat üçin görkezilen reňki güýçlendirip we ol suraty çal ýa-da ak-gara edip ýazdyryp bilersiňiz.
      • Ýagtylyk: Skanlanan surat üçin ýagtylygy sazlap bilersiňiz.
      • Kontrast: Skanlanan surat üçin kontrasty sazlap bilersiňiz.
      • Gamma: Skanlanan surat üçin gammany (aralyk diapazonyň ýagtylygy) sazlap bilersiňiz.
      • Çäk: Monohrom binar (ak we gara) üçin araçägi sazlap bilersiňiz.
      • Mask. Ýitieltmegin: Suratyň konturlaryny güýçlendirip we ýiteldip bilersiňiz.
      • Muary Aýyr: Žurnal ýaly çap edilen kagyzlary skanlan wagtyňyz peýda bolýan muary (kerebe meňzeş kölegeler) aýryp bilersiňiz.
      • Kenarlaryň Doldurulmagy: Skanlanan suratyň daşyndaky kölegäni aýryp bilersiňiz.
      • Iki Şekil Çykarma (diňe Windows): Bir gezek skanlap, şol bir wagtda dürli çykyş sazlamalary bilen iki sany surat edip ýazdyryp bilersiňiz.
    Bellik:

    Bellän başga sazlamalaryňyza baglylykda, käbir zatlar elýeterli bolman biler.

  6. Faýl ýazdyryş sazlamalaryny belläň.

    • Şekiliň Formaty: Sanawdan ýazdyryş formatyny saýlaň.
      BITMAP bilen PNG-den başga her bir ýazdyryş formaty üçin jikme-jik sazlamalary belläp bilersiňiz. Ýazdyryş formaty saýlanansoň, sanawdan Opsiýalar saýlaň.
    • Faýlyň Ady: Görkezilýän faýl ýazdyryş adyny tassyklaň.
      Sanawdan Sazlamalar.. saýlap, faýl ady üçin sazlamalary üýtgedip bilersiňiz.
    • Bukja: Sanawdan skanlanan surat üçin ýazdyryş bukjasyny saýlaň.
      Sanawdan Saýla saýlap, başga bukja saýlap ýa-da täze bukja döredip bilersiňiz.
  7. Skanirlemek basyň.