/ Printere tehniki hyzmat / Aňyrsy görünýän plýonkany arassalamak

Aňyrsy görünýän plýonkany arassalamak

Çap ediş golowkasy deňlenen ýa-da kagyz ýoly arassalanan bolsa-da, çykýan kagyz düzelmese, printeriň içindäki aňyrsy görünýän plýonkanyň çyrşalan bolmagy mümkin.

Gerekli zatlar:

  • Pamyk esgiler (birnäçe)

  • Birnäçe damja ýuwujy serişde goşulan suw (1/4 çaşka kran suwunda 2-3 damja ýuwujy serişde)

  • Çyrşaklary barlamak üçin çyra

Möhüm:

Birnäçe damja ýuwujy serişde goşulan suwdan başga arassalaýjy suwuklyk ulanmaň.

  1. düwmesini basyp, printeri ýapyň.

  2. Skaner bloguny açyň.

  3. Aňyrsy görünýän plýonka çyrşalanmy-dälmi barlaň. Eger çyra ulansaň, çyrşaklary görmek ýeňil bolýar.

    Eger aňyrsy görünýän plýonkada (A) çyrşaklar (mes. barmak tegmili ýa-da ýag) bar bolsa, indiki ädime baryň.

    A: Aňyrsy görünýän plýonka

    B: Şina

    Möhüm:

    Seresap boluň, şina (B) degäýmäň. Ýogsam, çap edip bilmezligiňiz mümkin. Şinadaky ýagy süpürmäň, sebäbi ol işler üçin zerurdyr.

  4. Pamyk esgini birnäçe damja ýuwujy serişde goşulan suw bilen ölläň (suw dammaz ýaly derejede) we çyrşakly şaýy süpüriň.

    Möhüm:

    Çyrşagy emaý bilen süpürip aýryň. Eger pamyk esgini plýonka gaty bassaňyz, plýonkanyň ýaýjyklarynyň ýerinden süýşmegi we printere zeper ýetmegi mümkin.

  5. Plýonkany süpürmek üçin, täze gury pamyk esgi ulanyň.

    Möhüm:

    Plýonkada hiç hili süýüm galdyrmaň.

    Bellik:

    Çyrşak ýaýramaz ýaly, pamyk esgini ýygy-ýygydan täzesi bilen çalşyryň.

  6. Plýonkanyň çyrşagy aýrylýança, 4-nji we 5-nji ädimleri gaýtalaň.

  7. Plýonkada çyrşak ýokdugyny göz bilen barlaň.